Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan kemal tapdy. Köpetdagyň eteginde seleňläp oturan täze şäheriň birinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlenine şu gün 3 ýyl dolýar. Taryh üçin ujypsyz wagtyň içinde Arkadag şäheri ýaşlygyň we ýaşlaryň, geljegiň we giň mümkinçilikleriň şäherine öwrüldi, halkara derejeli forumlaryň geçirilýän iri mesgeni hökmünde ykrar edildi.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar.
Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ynsan durmuşyny özgerdýän bu güýçleriň gudratyny, özboluşly sazlaşygyny Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynda, döwrebap keşbinde görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär» diýip, örän jaýdar belleýär. Dogrudan-da, iri taslama bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy iki tapgyrda amala aşyrylyp, onuň ikinji tapgyrynda gurluşyk işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu şäheriň taslamasynyň taýýarlanyp, düýbüniň tutulan pursadyndan bäri hormatly Arkadagymyzyň bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri üns merkezinde saklamagy aýratyn buýsandyryjydyr.
Şeýlelikde, bu şäherde häzirki we geljekki nesilleriň jebis bitewüligi, ýurdumyzyň okgunly we abadan gülläp ösüşi öz beýanyny tapar. Goý, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.