Lukmançylyk klasterini döretmek biziň ýurdumyz üçin täze tejribe hasaplanylýar. «Klaster» düşünjesi barada aýdylanda, lukmançylyk klasteri lukmançylyk kömegini bermegiň innowasion usuly bolup, ol lukmançylyk ugurly beýleki desgalardan we hassahanalardan aýratyn tapawutlanýar. Ol bir-birine ýakyn aralykda ýerleşen, dürli ugurlara ýöriteleşen, ýerine ýetirýän işleri boýunça biri-biriniň üstüni ýetirýän hem-de özara baglanyşykly bolan lukmançylyk edaralarynyň toplumydyr.
Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny hem-de serişdelerini işläp taýýarlamakda we bu ugurda döwrebap bilim bermekde, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenilen innowasion tehnologiýadyr. Bu lukmançylyk klasteri diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenilendir. Çünki eziz Diýarymyzyň tebigaty hususan-da Garagum sährasy eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler goruna eýedir.
Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek barada maslahat beriş hyzmatlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmekde maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy ýerine ýetirýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän lukmançylyk edaralarynyň aglabasy, nemes kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Lukmançylyk klasterine degişli düzümlere berlen halkara güwänamalaryň hem-de olaryň haryt nyşanlaryna degişli bellige alyş resminamalarynyň eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Selbi BATYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.