Bütin dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň we millionlarça janköýerleriň ünsi — 11-nji fewralda ýurdumyzyň sport taryhynda täze sahypa açjak iri futbol baýramçylygynda jemlenýär. Şunda Türkmenistanyň milli sportunyň täze belentligi, jebisligiň we ösüşiň nyşany bolan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda dünýäniň iň meşhur klublarynyň biri — Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen duşuşar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda geçiriljek bu taryhy duşuşyk diňe bir futbol ýaryşy bolman, eýsem, türkmen sportunyň halkara abraýynyň nobatdaky dabaralanmasydyr.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» futbol toparynyň 2023 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň çempionatlarynda, ýurdumyzyň Kubogy we Naýbaşy kubogy ugrundaky oýunlarda uly üstünlikleri gazanandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Geçen ýylyň maý aýynda «Arkadag» futbol topary uly ýeňiş gazanyp, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. 2026-njy ýylyň fewralynda bu meşhur toparyň dünýäniň futbol ýyldyzlarynyň köp sanlysyny özünde jemleýän «Al-Nassr» topary bilen duşuşmagy futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma we tolgunma döredýär.

Bu möhüm duşuşyk paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda guralyp, onuň häzirki wagtda Merkezi Aziýadaky iň uly stadiondygyny nygtamak gerek. Şunda 45 müň tomaşaça niýetlenen stadion ilkinji gezek halkara derejeli futbol baýramçylygyny kabul eder. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Olimpiýa stadionyna baryp, taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşmagy, şeýle hem halkara futbol duşuşygynyň ýokary derejede dabaralandyrylmagy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny bermegi möhüm ähmiýete eýedir. 

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýeri gelende bellesek, türkmen futbolynyň taryhyndaky bu ajaýyp wakany halkara habarlar giňişliginde giňden şöhlelendirmek maksady bilen dünýäniň 13 döwletinden žurnalistleriň 20-den gowragy paýtagtymyza geldi. Munuň özi dünýäniň iri ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ýurdumyzyň halkara media giňişligine işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunda media hyzmatlaryna ýardam berjek meýletinçi media toparynyň döredilendigini hem bellemelidiris.

Şu günlerde sportuň we sagdynlygyň şäheri Aşgabadyň çar künjegi futbol baýramçylygynyň ruhunda bezelip, giň köçeleriň, şaýollaryň ugrundaky, çatryklardaky, seýilgählerdäki we beýleki jemgyýetçilik ýerlerindäki yşyklandyrylan bezegler uzaklardan ünsüňi özüne çekýär. Aýratyn hem, elinde ýaşyl tugumyzy we ýylyň nyşanyny göterip duran Wepalynyň «Arkadag» hem-de «Al-Nassr» toparlaryny mübärekleýän keşbi milli sportumyzyň bedew batly gadamlarynyň barha batlanýandygyndan, ýeňişleriň ýeňişlere ulaşýandygyndan, Gahryman Arkadagymyzyň sport diplomatiýasynyň döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyçlary esasynda dowamat-dowamdygyndan habar berýär.

Suraý NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.