Apple, mini-formatly smartfonlary adaty bolmadyk görnüşde yzyna getirmegi meýilleşdirýär — 2026-njy ýylda kompaniýa bukulýan iPhone Fold-y hödürlär.

Analitik Ming-Çi Kuonyň maglumatlaryna görä, täze modeliň daşky ekrany bary-ýogy 5.5 dýuým bolar — iPhone 13 mini (5.4 dýuým) bilen deňeşdirip bolýar. Bu soňky ýyllarda iň kiçi ekrany bolan ilkinji iPhone bolar.

Şol bir wagtda enjam içinden açylanda 7.8 dýuýmlyk ekrana öwrülýär — bu iPad mini bilen deňeşdirilýär. Şeýlelikde, ulanyjylar bir enjamda iki funksiýany alýarlar: kiçijik iPhone we mini planşet.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bu ädim, hem kompakt modelleriň, hem-de uly ekranlaryň janköýerleriniň ünsüni çekip biler. Emma enjamyň bahasy, habarlara görä, $2000-$2500 aralygynda bolar — adaty Pro wersiýalaryndan iki esse gymmat.