Soňky maglumatlara görä, AMD täze nesil Zen 7 prosesorlaryny "3D-ýadrolar" bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu täze tehnologiýa, esasan oýunlaryň öndürijiligini ep-esli ýokarlandyryp biler.

Insider çeşmesi Moore’s Law Is Dead (MLID)-iň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa täze arhitektura üçin birnäçe ýadro görnüşini göz öňünde tutýar. Şolaryň arasynda:

  • Adaty ýadrolar,
  • Güýçli we ýokary energiýa täsirli ýadrolar,
  • Pes energiýa sarp edýän ýadrolar,
  • Täze synagdan geçirilýän 3D-ýadrolar bar.

Täze 3D-ýadrolar, häzirki 3D V-Cache ýaly çözgütlerden arhitekturasy boýunça tapawutlanýar. Ryzen 7 9800X3D-de 64 MB cache çipleti umumy CCD (Core Complex Die) bilen işlese, Zen 7-de her 3D-ýadro özbaşdak cache çipletine eýe bolar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bu tehnologiýa, oýun öndürijiligini ýokarlandyryp, ýatladyş tizligini artdyrmaga we gijikmeleri azaltmaga kömek eder. Häzirlikçe Zen 7 arhitekturasy bilen baglanyşykly doly maglumatlar belli däl, ýöne bu tehnologiýa tassyklansa, Zen 7 bazardaky iň güýçli oýun prosessorlarynyň biri bolup biler.

AMD, bu täze nesil çipleri öndürmek üçin TSMC ýa-da Samsung-yň iň ösen tehnologiýalaryny ulanar diýip garaşylýar. Bu bolsa prosesorlaryň energiýa täsirini we öndürijiligini has ýokarlandyrar.