Her ýylyň awgust aýynda bilim ulgamynda örän wajyp bolan ähmiýetli wakalara aýratyn orun berilýär. Bu döwürde geçen okuw ýylynyň jemlerine bagyşlanan maslahatlar, täze okuw ýylyna taýýarlyklar sazlaşykly alnyp barlyp, täze üstünliklere tarap gadam basylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bu babatdaky işler tomus sagaldyş möwsüminiň çäreleri bilen utgaşýar.
Şoňa görä-de, bu ýyl hem bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlarynda çagalar bilen geçirilýän gyzyklanma we göwnaçma çärelerine aýratyn üns berildi. Nazary okuwlarda dürli temalar boýunça pedagogik işgärleriň çykyşlary bilen birlikde körpeleriň gyzyklanmalary, göwnaçma pursatlary täsirliligi bilen tapawutlandy. Ine, sanlyja wagtdan täze okuw ýylyna gadam basylar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda çagalar bakja-baglaryny tamamlan körpeler ak mekdebe kabul edilse, bakja-baglarynyň toparlarynda körpeler örän gyzykly gün pursatlary, sowatlylyk sapaklary bilen garşylanar. Okuw maksatnamasy esasynda sapaklarda bagtyýar nesillerimize täze temalar, gyzyklyja oýunlar we terbiýeçileriň bilime höweslendirmeleri garaşýar.
Bagtyýar nesilleri terbiýelemek işinde ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Selbi REJEPOWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.