2026-njy ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ýyl «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – maksada okgunly ganatly bedewleriň Watany» ýyly diýlip yglan edildi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk ýylynda türkmen bedewlerine bagyşlanan köp sanly halkara we milli çäreler geçirilýär. Şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty we gözellik bäsleşigidir.
Bu halkara derejesindäki iri çäreler Niderland Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atly atçylyk-sport merkezinde geçiriler. Bu merkez halkara konkur we konkur görnüşindäki ýaryşlary geçirmek üçin Ýewropanyň öňdebaryjy merkezleriniň biri hasaplanýar. Bu ýerde döwrebap ýapyk we açyk meýdançalar, ýokary hilli şertler hem-de atçylyk sporty üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilen.
Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bu täsin tohuma bolan gyzyklanma barha artýar. Öňde boljak dünýä çempionaty hem ahalteke bedewleriniň halkara derejesindäki abraýynyň aýdyň beýany bolar. Çärä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Üç günüň dowamynda gatnaşyjylar we myhmanlar sporty, ylmy, sungaty hem-de türkmen milli medeniýetini özünde jemleýän baý maksatnama şaýat bolarlar. Hususan-da, Ahalteke atşynaslygy boýunça Halkara birleşiginiň açyk maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem çempionata bagyşlanan ýörite internet taslamalary eýýäm ýola goýuldy. Bu işler dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan tomaşaçylara halkara çempionaty baradaky ygtybarly maglumatlary tiz wagtda almaga mümkinçilik berer. Daşary ýurtly kärdeşler bilen giň hyzmatdaşlygyň netijesinde halkara tomaşaçylara çäräniň esasy wakalary, medeni maksatnamalary, konsert çykyşlary we türkmen halkynyň baý milli mirasyny görkezýän sergiler barada maglumatlar ýetiriler.
Şeýlelikde, 4–6-njy sentýabr aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» merkezi dünýäniň ahalteke atşynaslyk sungatynyň merkezi bolar.
Magtymguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.