Türkmen bedewi paýhasly pederlerimizden miras galan gymmatlyklaryň naýbaşysydyr we halkymyzyň egsilmez milli buýsanjydyr. Dünýäniň atçylyk sungatyny özüniň täsin gözelligi bilen baýlaşdyran behişdi bedewlerimiz milli hazynamyz bolmak bilen, taryhy mirasymyzyň öçmejek ýalkymydyr. Ata-babalarymyzyň «Taý ata ýetirer, at — myrada», «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly pähimleri behişdi bedewlere belent hormatdan nyşandyr.
Ynsanyň bedewlere bolan hormaty juda beýik. Olaryň tarypy örän gadymy döwürlerden gözbaş alyp, milli edebiýatymyzda hem uly orun eýeleýär. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri bedewlere bagyşlap ajaýyp eserleri döredipdirler. Müňýyllyklary aşan ertekiler, gürrüňler, dessanlar, rowaýatlar, şygyrlar, taryhy hakykatlar — behişdi bedewlerimize bagyşlanan eserleriň haýsy birini alyp görsegem, bedewiň ynsanyň çyn dostudygy, alysy ýakyn edýän, kyn gününde ýeke goýmaýan hemrasydygy teswirlenýär. Şeýle hakykatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.
Milli Liderimiziň: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!» diýip joşgunly belleýşi ýaly, türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Muny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyň görmek mümkin. Çünki bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp boldy. Şeýle hem bu meşhur topar ýurdumyzda türkmen bedewiniň şanyna uludan tutulýan toýlaryň esasy bezegidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiz ýaşyl ýaýlalarymyzyň, toý-baýramlarymyzyň ýaraşygyna, milli mirasymyzyň, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna nyşanyna öwrüldi. Şanly ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem döwrümiziň döredijilik ruhy bilen utgaşýar. Munuň özi uly ähmiýete eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrýar.
Bäşim GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.