Şu ýylyň 3–7-nji awgusty aralygynda Daşkent şäherindäki Milli futbol merkezinde Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) Günbatar sebiti üçin niýetlenen elit eminler seminary geçiriler. Üns berilýän tarapy, bu abraýly çäre ilkinji gezek Özbegistanyň ýer eýeçiliginde guralýar.
AFK-nyň senenamasyndaky iň möhüm okuw çäreleriniň biri hasaplanýan seminara konfederasiýanyň Eminler departamentiniň wekilleri, Aziýanyň 92 sany elit derejeli emini, tejribeli instruktorlar hem-de eminleri taýýarlamak ugry boýunça öňdebaryjy hünärmenler gatnaşar.
Bäş günlük okuw maksatnamasynyň çäginde häzirki zaman eminlik ölçegleri, oýun ýagdaýlaryna seljerme bermek, karar kabul etmegiň hili, meýdandaky dolandyryş medeniýeti, fiziki taýýarlyk we VAR tehnologiýasyndan netijeli peýdalanmak boýunça nazary hem-de amaly sapaklar geçiriler.
Bu seminar Aziýa futbolynda eminligiň hilini has-da ýokarlandyrmaga, bitewi çemeleşmäni kemala getirmäge we halkara standartlary berkitmäge möhüm goşant goşar diýlip garaşylýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.