Gözlerimiziň röwşeni, başymyzyň täji Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-8-nji awgusty aralygynda owazasy dünýä dolan Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljek BMG-niň bu iri wekilçilikli maslahatynyň dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Bitarap döwletimizde geçirilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar 4 yklymda ýerleşýän Ýer ýüzüniň 7 göteriminden gowragyny tutýan 570 million ilatly ummanlara ýa-da deňizlere gönümel çykalgasy bolmadyk özbaşdak döwletlerdir. Şeýle döwletler geografik taýdan ýerleşişi sebäpli, köplenç, söwda, logistika we ykdysady ösüş babatda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Her 10 ýyldan bir gezek geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça halkara maslahatlary şol kynçylyklary ýeňip geçmek üçin hyzmatdaşlygy berkitmek maksadyndan ugur alýar. Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarynyň 32-siniň, kiçi ada döwletleriniň 47-siniň we az ösen ýurtlarynyň 49-synyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. 

Halkara maslahatynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň gülläp ösmeginde düzümleýin özgerişleriň, diwersifikasiýanyň, ylmyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ähmiýetine, söwda we sebitara hyzmatdaşlyga, howanyň üýtgemeginiň hem-de tebigy hadysalaryň ýaramaz netijelerine garşy göreşmegiň ýollaryna, durnukly ulag ulgamlarynyň döredilmegine, mümkinçilikleriň işjeňleşdirilmegine we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlanan ýokary derejedäki tegelek stollary geçirmek meýilleşdirilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik­-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.