Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatynyň netijeleri boýunça taýýarlanan «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly ylmy ýygyndysy neşir edildi.

Kitabyň sahypalarynda sport diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy, ynamy we parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ýörelgeleri giňişleýin görkezilýär.

Ýygyndyda Özbegistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Belarussiýadan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Rumyniýadan, ABŞ-dan, Ermenistandan gelen gatnaşyjylaryň, şeýle hem ýurdumyzyň ylym, bilim we sport pudaklarynyň wekilleriniň ylmy çykyşlarynyň beýany görkezilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň «Bitaraplyk we sport ýörelgeleri dostlugy hem-de parahatçylygy wagyz edýär», «Olimpizm filosofýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek», «Bedenterbiýede we sportda innowasion tehnologiýalar» ýaly ylmy makalalar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar, tälimçiler, türgenler hem-de bu ugura gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin peýdaly bolar.

Şeýle hem «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanyny Google Scholar platformasynda hem elýeterlidir.