Türkmenistanly türgenler Gyrgyzystanda tamamlanan VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynda jemi 11 medal — 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç medal gazandy.
Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu giň gerimli halkara forum etnosport hereketini we adamzadyň etnomedeni mirasyny gorap saklamaga, dikeltmäge hem-de dünýä ýaýmaga gönükdirilendir. Ol däp bolşy ýaly, dünýäniň dürli ýurtlaryndan türgenleri bir ýere jemleýär.
Ýaryşyň başlangyjyny öz wagtynda Gyrgyz Respublikasy öňe sürüpdi. Ilkinji gezek bu ýaryşlar 2014, 2016 we 2018-nji ýyllarda Çolpon-Atada üstünlikli geçirildi. 2021-nji ýylda Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Soňra bolsa ýaryşlar ony esaslandyran ýurduň çäklerinden çykdy: IV Oýunlar 2022-nji ýylda Türkiýäniň Iznik şäherinde, V Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary bolsa 2024-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirildi. V Oýunlara 89 döwletden 2,5 müňe golaý türgen gatnaşyp, olar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşdiler.
Etnosport baýramçylygynyň altynjy tapgyry Gyrgyzystanyň iki şäherinde — açylyş dabarasy geçirilen paýtagt Bişkekde we ýaryşlaryň esasy geçirilýän ýeri bolan Çolpon-Atada guramaçylykly geçirildi. VI Oýunlar gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýdy: 106 ýurtdan 3000 türgen we wekiller 43 ugur boýunça baýraklar ugrunda bäsleşdiler.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde 7 tälimçi we guşak hem-de milli göreşiň dürli görnüşlerinde çykyş eden 14 türgen boldy. Umumy medal sanawynda Türkmenistanyň topary 7-nji orny eýeledi. Jemi 29 ýurduň türgenleri medal gazanmagy başardy.
VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynda çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň netijeleri ýurtda etnosportuň ösýändigini görkezdi. Astana şäherinde geçirilen öňki Oýunlarda türkmenistanly türgenler 4 medal — 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar.
Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň taryhynda Türkmenistanyň türgenleri jemi 96 medal — 37 altyn, 19 kümüş we 40 bürünç medal gazandylar. Indiki, 2028-nji ýylda geçiriljek VII Bütindünýä Çarwadarlar oýunlaryny geçirmek estafetasy ýaryşlaryň ýapylyş dabarasynda Çolpon-Atanyň ippodromynda resmi taýdan geçirildi. Geljekki ýaryşlara Kazan şäheri (Tatarystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) ýer eýeçiligi eder.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.