«Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysyndaky çykyşlaryny tamamlandygyny habar berdi. 39 ýaşly futbolçy bu barada özüniň Instagram sahypasynda mälim etdi.
Messi bu kararyň özi üçin ýeňil bolmandygyny, ýöne häzirki pursadyň dogry wagt bolandygyna düşünýändigini aýtdy.
«Bu karar meniň üçin agyryly we häzirem meni gynandyrýar, ýöne häzir munuň dogry wagt bolandygyna düşünýärin. Kasam edýärin, men diňe soňky ýyllarda gazanan ýeňişlerimiz döwründe däl, eýsem ondan öň hem Argentinanyň milli ýygyndysyna hemişe ähli güýjümi berdim.
Milli ýygyndyda oýnamagy hemişe söýdüm we bu duýgy hemişe meniň bilen galar. Men oňa ähli zadymy berdim, indi başga berip biljek zadym galmady. Mundan başga-da, meniň yzymdan milli ýygyndyda çykyş etmäge mynasyp ajaýyp ýaş futbolçylar gelýär. Şu 20 ýylyň dowamynda beren söýgiňiz we goldawyňyz üçin sag boluň!» diýip, argentinaly futbolçy aýtdy.
Messiniň bu sözlerini 21-nji iýulda, 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň final duşuşygyndan iki gün soň ýazandygy hem bellenildi.
Lionel Messi 2005-nji ýyldan bäri Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edip gelýärdi. Ol milli topar bilen 2022-nji ýylda Dünýä çempionatyny, 2021 we 2024-nji ýyllarda Amerika kubogyny, şeýle-de 2022-nji ýylda Finalissimany gazandy.
Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 207 duşuşyk geçirip, 125 gol geçirdi. Bu görkeziji milli ýygyndylaryň taryhynda Kriştianu Ronaldodan soň ikinji iň gowy netije bolup durýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.