Argentinanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Karlos Tewez Lionel Messi bilen Kriştianu Ronalduny bir toparda görmek arzuwynyň amala aşjakdygyny habar berdi.
Bu taryhy pursat Teweziň futbol bilen hoşlaşyk duşuşygynda bolup geçer. 42 ýaşly öňki hüjümçiniň hoşlaşyk oýny dekabr aýynda Buenos-Aýres şäherindäki «La Bombonera» stadionynda geçiriler.
Tewez bu barada şeýle diýdi: «Men hemişe Kriştianuny we Leony bir toparda görmek isledim. Olar ähli döwürleriň iň beýik futbolçylary. Ronalduna: «Kriştianu, hoşlaşyk oýnumda seniň we Leonyň bir toparda bolmagyňy isleýärin. Ähli dünýä bu täsin pursada şaýat bolsun» diýdim. Ol gelmäge razy boldy. Leony hem razy etmek kyn bolmady. Olaryň ikisi-de razylygyny berdi».
Karlos Tewez 2005–2015-nji ýyllar aralygynda Lionel Messi bilen Argentinanyň milli ýygyndysynda bile çykyş etdi. Kriştianu Ronaldo bilen bolsa 2007–2009-njy ýyllarda «Mançester Ýunaýted» klubunda bile oýnady.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.