Sagdyn iýmitlenmek — bu adamyň kadaly ösmekligini we kämilleşmekligini, durmuş dowamlylygyny alyp barmaklyga hem-de saglygyny berkitmeklige, keselleriň öňüni almaklyga ýardam berýän iýmit önümleri bilen iýmitlenmek hadysasydyr. Sagdyn iýmitlenmeklik barada aýdylanda, iýmit önümleriň biodürliligi, iýmitlenmegiň tertibi, kabul edilýän iýmitiň mukdary, iýmit önümleriň hiliniň gözegçiligi ýaly görkezijileri öz içine alýar. Her bir adamyň iýmitlenmekliginde bu meselelere aýratyn üns bermeklik hökmanydyr.

Howanyň yssy wagtynda adam bedenindäki täsirleşmeler çaltlaşýar. Mundan başga-da, beden az energiýa sarp edýär. Netijede, bedene tomusda az iýmit gerek. Şol sebäpli hem iýmit az kaloriýaly bolmalydyr. Düzüminde az mukdarda ýag saklaýan önümleri saýlamak maksadalaýykdyr.

Yssyda köp suw içmeli. Suw içmek yssy howada örän möhümdir. Suwsuzlygyň emi arassa suwdur. Şeýle hem gök çaý içip bilersiňiz. Elbetde, yssyda iň sagdyn iýmitler miweler, gök önümler we otlardyr. Olary çig ýa-da dürli tagamlarda ulanmak arkaly kabul edip bolýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Suwsuzlygy gandyrmak we bedeniňizi yssydan goramak üçin iň sagdyn, peýdaly iýmitler:

Hyýar — 90 göterim suwdan ybarat, yssy günler üçin ajaýyp önüm.

Kiwi — suwsuzlygyň öňüni alýar, sebäbi düzüminde kalsiý köp.

Garpyz — suwsuzlygy gandyrýar, zäherleri aýyrýar we artykmaç agramdan goraýar.

Gök otlar — iýmit siňdirişi gowulandyrýar.

Dogry iýmitlenmek, sagdyn bolmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek içki we daşky dünýämizi, durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär.

«THE ASHGABAT TIMES».