Adamyň durmuşynyň ilkinji pursatlaryndan başlanýan tebigy iýmitleniş prosesi dünýä inen her bir bäbegiň sagdyn ösmeginde, fiziki we akyl taýdan kämilleşmeginde aýgytly ähmiýete eýedir. Her ýyl awgust aýynyň ilkinji hepdesinde däp boýunça bellenilýän Bütindünýä ene süýdi bilen iýmitlendiriş hepdeligi hut şu beýik we ýaşaýyş üçin möhüm bolan prosese jemgyýetiň ünsüni çekmäge, goldaw beriji gurşawy has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda bu hepdeligi saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm çäresi hökmünde geçirmek baradaky ýörite rezolýusiýa kabul edilenden bäri, bu sene dünýä derejesinde giňden bellenilip gelinýär. Şeýle başlangyçlar dünýä boýunça eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan global hereketleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Halkara derejede geçirilen gözegçilikler we lukmançylyk barlaglary ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň çagalaryň saglygyny gowulandyrmagyň hem-de bäbekleriň ölüminiň öňüni almagyň iň netijeli we tebigy usullarynyň biridigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, dünýä statistikasy alada döredýän ýagdaýy hem görkezýär: häzirki zaman dünýäsinde alty aýlyga çenli bolan bäbekleriň ýarysyndan hem az bölegi diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilýär. Bu ýagdaý halkara jemgyýetçiligini, şol sanda lukmançylyk we jemgyýetçilik guramalaryny has işjeň hereket etmäge çagyrýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Hünärmenleriň pikirine görä, emeli iýmitleriň we ene süýdüni çalyşýan garyndylaryň giňden wagyz edilmegi bäbekleriň saglygyna düýpli ýaramaz täsir ýetirýär. Şeýle emeli önümler köplenç çaganyň ösüşiniň haýallamagyna, bedende möhüm mikroelementleriň, witaminleriň we minerallaryň ýetmezçiligine, şeýle hem çaganyň dürli ýokanç we dowamly kesellere sezewar bolmak ähtimallygynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şonuň üçin hem dünýä derejesinde ene süýdüniň ornuny hiç bir zadyň tutup bilmeýändigini giň jemgyýetçilige ýetirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

«THE ASHGABAT TIMES».