Dünýädäki iň uly hususy lukmançylyk we gözleg merkezleriniň biri bolan Maýo klinikasyndan doktor Tejal Şelatyň aýtmagyna görä, ýeterlikli C witaminini yzygiderli kabul etmek, bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak, baharyň üýtgeýän howa şertlerinde ýiti dem alyş keselleriniň döremek howpuny azaltmaga kömek edip biler.Lukman ýazda köp adamyň ýiti dem alyş kesellerine ejizliginiň witaminleriň ýoklugy we eşik saýlamagy kynlaşdyrýan howanyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi. Açyk howanyň üýtgemegi, bedeniňiziň gyzgynlygynyň üýtgemegine sebäp bolup biler, bu bolsa öz gezeginde sowuklama we dümew bilen kesellemek ähtimallygyňyzy ýokarlandyrýar.Miwelerden ýa-da goşundylardan ýeterlik C witamini iýmek immunitet ulgamyny güýçlendirýär diýip belläp geçýär. Limon we apelsin C witamine baýdyr. Bu sitrus miwelerini aýratyn sarp edip ýa-da dilimlere kesip, “witaminlenen” içgini döretmek üçin suwa goşup bolýar. Sowuklamanyň öňüni almagyň ýene bir usuly yzygiderli maşk etmekdir. Lukman azyndan 30 minut işjeň hereket etmegi maslahat berýär. Bu ýagdaýda hepdede bäş gün maşk etmeli. Yzygiderli maşk etmegiň (şeýle hem yzygiderli ýöremegiň) gan aýlanyşyny, kislorod üpjünçiligini we öýjükli işini gowulandyrýandygyny sözüniň üstüne goşdy.