Şahyr redaksiýa goşgy getirdi.

Okady redaktor,okady müdir.

Ikisi-de diýip "Goşgy erbet däl,

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Arkaýyn ötägit, çap bolar ertir"

"Ýöne weli... diýip, sakyndy müdür-

Goşga bir setirjik ýetirýar zeper.

Manysy yrgarak. Düzedilmese,

Käbir nadan başga tarapa çeker"

Sypaýy adamdy çal saçly müdir.

Awtor sypaýydy ondanam beter.

(Iki edepliniň bolan ýerinde,

Birisi hemişe parhlylyk eder)

Parhlylyk awtoryň paýyna düşdi.

"Bolýar" diýip, aldy galamyn ele.

Ýanyp-ýanyp çykan ýeke-täk sözi

Ýanyp ýetişmedik ýetmiş söz bile

Çalşyrdy. Üýtgetdi.Ýene çalşyrdy.

Ýene-de üýtgetdi. Çykmady derek.

Bozdy, Ýazdy. Bozdy. Ýene-de ýazdy.

Onsoň okap gördi ýene bir gezek.

Bolmady. Öýüne äkitdi onsoň.

Ruçkasyn çeýnäp, sypalap saçyn,

Oturdy, çygyldy tutuş bir agşam,

Çygyldy iki gün. Çygyldy üç gün.

Çygyldy ýene-de dördülenji gün.

Ýene. Ýene... Setir düzülman galdy.

Şahyr düzelmane razydam welin,

Zehini kes-kelläm razy däldi.

Awtor: Kerim GURBANNEPESOW