Türkmeniň abraýyn arşa göteren,
Watan diňe siziň bilen, Arkadag!
Gadym ýurda baky bagty getiren,
Watan diňe siziň bilen, Arkadag!

Ýaýlasynda bagt gülleri açylan,
Täleýine ykbal nury saçylan,
Topragyna rysk-bereket eçilen,
Watan diňe siziň bilen, Arkadag!

Pederleriň yzy – öçmejek binýat,
Şäherleri şäherlerine zynat,
Adyňyz taryhda dabaraly at,
Watan diňe siziň bilen, Arkadag!

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bilbillere mesgen bolan baglary,
Bereket eçilýän goja daglary,
Eýýamlar şygar – ajap çaglary,
Watan diňe siziň bilen, Arkadag!

Gowşut ÝAZMYRADOW
Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň talyby