«Xiaomi» kompaniýasy Hytaý bazarynda täze — «Redmi Projector 5» we «Redmi Projector 5 Pro» atly elýeterli proýektor modellerini resmi taýdan tanyşdyrdy. Ixbt.com maglumatlaryna görä, iki enjam hem Full HD görnüşindäki şekili görkezmäge ukyply bolup, ösen awtomatiki sazlaýyş ulgamlary bilen tapawutlanýar.

Esasy model bolan «Redmi Projector 5» CVIA standarty boýunça 400 lýumen ýagtylyk derejesini hödürleýär we diagonaly 120 dýuýma çenli şekil döredip bilýär. Enjamyň esasy aýratynlyklarynyň biri — 360 gradusa çenli aýlanyp bilýän metal diregidir. Bu gurluş proýektory diňe bir diwara däl, eýsem göni potologa hem şekil düşürmäge mümkinçilik berýär.

Şekili awtomatiki sazlamak lazer kesgitleýji datçik, awtofokus we trapeziýa görnüşindäki ýoýulmalary düzetmek ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Proýektor 1 GB operatiw ýat we 32 GB içerki ýat bilen üpjün edilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«Redmi Projector 5 Pro» has ýokary mümkinçilikleri gözleýän ulanyjylar üçin niýetlenendir. Enjamyň ýagtylygy 1000 CVIA lýumene çenli ýetýär we ol 120 Hz şekil täzeleniş ýygylygyny goldaýar. Proýektorda ýapyk optiki modul we doly aýna linza ulanylýar. «Xiaomi» kompaniýasynyň bellemegine görä, bu çözgüt öňki nesil modelleri bilen deňeşdirilende şekiliň aýdyňlygyny takmynan 10 göterim ýokarlandyrýar.

Pro wersiýasy MediaTek MT9660 prosessory esasynda işleýär, 2 GB operatiw ýada we 64 GB fleş ýada eýe. Şeýle-de, onuň diregi arkaly burçy 150 gradusa çenli sazlamak bolýar. Ses ulgamy bolsa Dolby Audio tehnologiýasyny goldaýan, her biri 10 watt kuwwatly iki dinamiki we passiw şöhlelendirijilerden ybarat.

Täze proýektorlar Hytaý bazarynda elýeterli bahalary bilen tapawutlanýar. Adaty «Redmi Projector 5» modeli takmynan 999 ýuana (145 dollar töweregi), «Redmi Projector 5 Pro» bolsa 1899 ýuana (280 dollar töweregi) bahadan satuwa çykaryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».