«Samsung» kompaniýasy orta baha segmentine niýetlenen täze Galaxy F70 Pro 5G smartfonyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Elýeterli bahada ösen tehnologiýalary we uzak möhletli programma üpjünçiligi goldawyny hödürleýän bu enjam mobil bazarynda uly gyzyklanma döredýär.

Ixbt.com maglumatlaryna görä, täze smartfon ýokary hilli 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylan bolup, ekran 120 Hz täzeleniş ýygylygyny goldaýar. Displeý ygtybarly Corning Gorilla Glass Victus+ gorag aýnasy bilen örtülen we şekil hili Full HD+ derejesine eýe.

Smartfonyň merkezinde Snapdragon 6 Gen 3 prosessory ýerleşýär. Ol gündelik işler we esasy oýunlar üçin ýeterlik öndürijilik üpjün edýär. Enjam iň täze Android 16 operasiýa ulgamynda işleýär we oňa One UI 8.5 interfeýsi gurnalan.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Galaxy F70 Pro 5G-niň esasy aýratynlyklaryndan biri emeli aň mümkinçilikleridir. Smartfonda Galaxy AI funksiýalary, şol sanda Circle to Search hem-de ses ýazgylaryny emeli aň arkaly tekste öwürmek (transkripsiýa) aýratynlygy bar.

Surata düşürmek üçin enjam optiki şekil durnuklaşdyryjy (OIS) bolan 50 megapiksel esasy kamera we 5 megapiksel giň burçly kamera bilen üpjün edilýär. Öň tarapdaky kamera bolsa HDR tehnologiýasyny goldaýan 12 megapiksel moduldan ybarat.

Smartfonyň iň güýçli taraplarynyň biri onuň uly batareýasydyr. Batareýanyň sygymy 6000 mAh bolup, bu ulanyja enjamy uzak wagtlap işjeň ulanmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem enjam iki diapazonly 5G, Wi-Fi ac, Bluetooth, USB Type-C, OTG we NFC tehnologiýalaryny goldaýar.

Öndüriji bu modele uzak möhletli programma üpjünçiligi goldawyny wada berýär: ulanyjylar 6 ýylyň dowamynda Android täzelenmelerini we howpsuzlyk täzelenmelerini alyp bilerler. Smartfon ýaşyl we gara reňk görnüşlerinde satuwa çykarylýar.

Ilkinji alyjylar üçin ýörite arzanladyşlar bilen bahalar aşakdaky ýaly kesgitlenildi:

- 6/128 GB — 250 dollar
- 8/128 GB — 295 dollar
- 8/256 GB — 345 dollar

«THE ASHGABAT TIMES».