«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurtda giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, degişli dalaşgärler üçin ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Bular barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulky sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen rejelenen görnüşli «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda:

  • ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň;
  • maýyplygy bolan çagalaryň, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolanlaryň;
  • harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalarynyň;
  • köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolanlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi kesgitlenilýär.

Şeýle-de bu Kanunda:

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň;
  • taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň;
  • taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň;
  • III topar maýyplygy bolanlaryň;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenleriň;
  • saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az däl iş döwri bolan dalaşgärleriň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýandyklary beýan edilýär.