Türkmenabat, 1-nji sentýabr. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Täze bilim ojagy ýaş nesle döwrebap bilim berjek geljekki mugallymlary taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär.

5 müň orunlyk täze toplumyň meýdany 26 gektara golaý bolup, onuň düzümine baş bina, okuw binalary, mejlisler zaly, kitaphana, müň orunlyk naharhana, sport desgalary we beýleki tehniki binalar girýär. Şeýle-de talyplar üçin ähli amatlyklary bolan 2 müň orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýy guruldy.

Täze institutda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw otaglary, ylmy-barlag işleri üçin döwrebap tejribehanalar döredildi. Bu ýerde himiýa, biologiýa, fizika, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, defektologiýa ýaly ugurlar boýunça tejribe işleri alnyp barylar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bilim ojagynda taryh, arheologiýa we etnografiýa, ösümlik we haýwanat dünýäsi muzeýleri, şeýle-de 1 million kitaby saklamaga niýetlenen döwrebap kitaphana döredildi. Kitaphanada 700 orunlyk okalga zaly we 100 orunlyk elektron kitaphana ýerleşýär. Täze toplum geljekde ýokary bilimli, döwrebap pikirlenýän mugallymlaryň we bilim işgärleriniň täze neslini taýýarlamaga hyzmat eder.

«THE ASHGABAT TIMES».