Oýlarymda ­mekan ­tutan­ melegim,
Çakylygyň ­ýetir.­
Nirelerde ­sen?!
Juwanlyk ­bahary, ­mukaddes­ söýgiň,
Bakylygyn ­ýetir.­
Nirelerde­sen?!

Ynamy ­terk­ etmez ­yhlasyň ­güýji,
Yşk ­— ­bu,­ saýgarmaýar­ ir ­bilen ­giji,
Maňa ­iň­ naýbaşy,­
iň­ datly,­
­­­­­­­­­­­­­­­­ süýji,
Günleriňi ­ýetir.­
Nirelerde ­sen?!

Soraman,­
indemän ­serime ­giren,
indemän ­serime ­giren,
Dünýäme­ görk­ bolup­ asmandan ­inen,
Sarpaly­ söýginiň ­bagyndan ­tiren
Gülleriňi­ ýetir.­
Nirelerde ­sen?!

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Köýdürme ­köňlümiň ­alawlan ­yşkyn,
Umydyň­ ganaty ­­—­ nurana ­keşbiň,
Agyr­ görmen­ söýgiň ­agramly ­keşgin,
Elleriňi ­ýetir.
Nirelerde ­sen?!

Kerimberdi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň Halkara gatnaşyklary
we maglumat seljeriş müdirliginiň
maglumat seljeriş bölüminiň başlygy.
«Biznes reklama» gazeti, 17.06.2024ý.