Geldi ajap eýýamy,
Magtymguly Pyragyň,
Uly-kiçiň ussady
Magtymguly Pyragy!
-
Älemde orun alan,
Ähli ýurtda tanalan
Öwüt-ündewe ýugrulan,
Goşgulary Pyragyň!
-
Edep, ahlak, terbiýe
Goşgularynda jemlenen,
Alym, şahsyýet, akyldar
Ol-Magtymguly Pyragy.
-
Öwredýäs, bilim berýäs,
Şygyrlaryndan nusga alýas,
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy.
-
Beýikleriň beýigi,
Magtymguly Pyragy!
Danalarnyň danasy
Magtymguly Pyragy!
-
Goşgularny okasaň,
Meselede çözgüt bar,
Beýik ynsan, beýik ogul
Gündogarly akyldar!
-
Şygyr dünýäsiniň ussady,
Dagyň belent gaýasy,
Diýdik : Paýhas ummany,
Magtymguly Pyragy!
-
Arkadagly zamanada
Ulus-iller bagtyýar!
Hormat Size, Gaýrat Size
Arkadagly Gahryman!
-
Tawus Köşiliýewa
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.