Her güni misli toý hoş habara baý
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan
Ýoly asudalyk, ili hoşamaý
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Ýazlar görk berip dur bezäp Diýary.
Mäkäm örklenipdir: galmak hyýaly.
Sanardan kän "uçmah" gördüm diýýäni-
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Her biri bäs edýän eýwana köşge
öýleriň ýalkymy, ýakymy başga-
Mähirden püre pür, dolup dur yşga
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Daglara jerenler, baglara guşlar,
Zawlara çemenler, çaýlara joşlar,
Çaglara ýaraşýar tutumly işler
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Ýeňiş ýaran bagty çüwen mähellä
Jümle jahan guwanyp dur, Maşalla.
Ýaşlarymyz döwrümizden joş alýar
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan.

Bar zat aýan: ( iş ýok bärde geňläsi)
Ynam bilen halal zähmet hemrasy.
Halk, adyl Şa - birdir pikri dünýäsi
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy