Käte-käte ýolda-yzda sataşyp
Hal-ahwallar soraşylan pursaty.
"Şükür bagytly men" - aldaman telim
Bolşy dek bar zady aýdyp bolsady..
Seniňem hemişe şoldy jogabyň
(Biz wada edipdik aldamazlygy)
Ulydy umytlar tapylaryna
Şowsuz dyndy "bir alajyň" gözlegi
Diledim: goý bolsun soňky utulşyň.
Keç ykbal oýunda çykanda erjel.
Öwezine ýara bagt bermek üçin
Aýralyga razy bolmakdy - şertem.
Her gezek aýdýarsyň bagtlydygňy
Gözüň sowup geçeniňde duşumdan.
Söýgä guwanýaryn sözleň galp bolsa.
Çyn bolsada guwanýaryn daşyňdan.
Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.