1-nji martda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýän «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden zehinli, zähmetsöýer zenanlaryň 56-sy gatnaşdy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar 8 ugur boýunça bäsleşdiler. Diýarymyzyň öňdebaryjy zenanlaryndan düzülen eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň jemgyýetçilik işjeňligine, zähmetde we döredijilikde gazanan üstünliklerine adalatly baha berdiler. Ýeňijiler şeýle kesgitlenildi:

Balkan welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Güljemal Soltanowa - «Ýylyň işewür zenany»;

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynyň ýaşaýjysy Güljan Amanmyradowa - «Ýylyň mährem zenany»;

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň «Tiz kömek» merkeziniň şepagat uýasy Şirin Tejenowa - «Ýylyň çeper elli zenany»;

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň tans-gurnak ýolbaşçysy Jennet Akmyradowa - «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Merw» ýyladyşhanasynyň müdiri Mähri Jojykowa - «Ýylyň telekeçi zenany»;

Aşgabat şäheriniň 165-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Oraztäç Nuryýewa - «Ýylyň halypa zenany»;

Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölüminiň wekili Ogulsuraý Huseýinkulyýewa - «Ýylyň watançy zenany»;

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tawus Hudaýberdiýewa - «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany».

«THE ASHGABAT TIMES».