«Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Ýaşlaryň arasyndan täze zehinleri ýüze çykarýan aýdym-saz telebäsleşiginiň welaýat tapgyry Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada guraldy.
Bäsleşige etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiş gazanyp, öňe saýlanan ýaş höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Çykyşlar çuň many-mazmuny, ýatda galyjy hem-de tolgundyryjy pursatlary bilen tapawutlandy. Ýaş zehinleriň bäsleşigiň dowamynda sahnada özlerini alyp baryşlaryna, egin-eşiklerine, aýdymlaryň sözlerini dogry ýerine ýetirişlerine eminler topary tarapyndan mynasyp baha berildi.
Bäsleşikde ýaş zehinleriň 5-si deň netije gazanyp (her biri 70 utuk toplady), bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başardy. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, aýdymçylaryň ikisi — Mary şäheriniň «Margiana» medeniýet köşgüniň höwesjeň aýdymçysy Uzukjemal Pälwanowa hem-de Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň höwesjeň aýdymçysy Mähri Akmyradowa ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, olar «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.