Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Ol welaýat merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada guraldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan milli mirasymyzy wasp edýän aýdymlary täze öwüşginler esasynda ýerine ýetirdiler.
Ýurdumyzyň halypa sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň gelen netijesine görä, Dänew etrabynyň «Ýyldyz» geňeşliginde ýaşaýan Atamyrat Muhtarow we Halaç etrabynyň Medeniýet merkezinde işleýän Jumageldi Babaýew dagy bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Atamyradyň ýerine ýetiren «Humaý gözli», Jumageldiniň aýdan «Läläm» diýen aýdymlary hemmeleriň göwnünden turdy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.