7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň şu aýdymçy ýaşlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýna Begenjowna Baýramgeldiýewa;

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangözel Gurbanmyradowna Gurbanmyradowa;

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Alp-Arslan Ýusupowiç Ýusupow;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap geňeşiniň sürüjisi Ýunus Aşyrdurdyýewiç Aşyrdurdyýew;

Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Yhlas Durdygylyjowiç Atekaýew;

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Esgi geňeşligindäki Gyzylgaýa oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Resul Guwanjowiç Guwanjow;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Remezan Bäşimmuhammedowiç Işankulyýew.

Ýeňijilere ýörite diplomlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

«THE ASHGABAT TIMES».