«Ak şäherim Aşgabat» monumentiniň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Aýdym-saz sungatyna höwesjeň ýaşlaryň 10-sy bezemen sahnada joşgunly çykyş etdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, şeýle hem welaýat, şäher häkimlikleri tarapyndan her ýyl guralýan bäsleşik ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olary täze üstünliklere ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Onuň paýtagtymyz boýunça tapgyry hem ýaş çeper höwesjeňleriň aýdym-saz sungatynda ukyp-başarnyklaryny görkezmäge hyjuwlydyklaryny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Eminler çykyşlara baha berenlerinde, ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna, sahnada özlerini alyp barşyna uly üns berdiler. Olaryň gelen netijesine laýyklykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Kerem Atabaýew hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjysy, çeper höwesjeň Söýli Aşyrmyradowa telebäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».