Orkestr Tahyr Ataýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 13-nji iýunda "Watan" kinokonsert merkezinde geçiriljek “Möwsümler” konsertine çagyrýar.
Meýilnama boýunça Antonio Wiwaldiniň we Maks Riçteriň eserlerini diňleýjilere ýetirerler.
“Möwsümler” - XVIII asyrda wenesiýaly kompozitor Antonio Wiwaldi tarapyndan ýazylan skripka konsertleriniň ýygyndysy. “Möwsümler” eseri Wiwaldiniň iň meşhur eserleriniň birine öwrüldi.
Onlarça çeper we dokumental filmleriň aýdym-sazlarynyň awtory hökmünde tanalýan häzirki zaman iňlis kompozitory Maks Riçter Wiwaldiniň eserini gaýtadan ýazdy. Ol ilkinji gezek “Möwsümler” eseriniň gaýtadan işlenen görnüşini 2012-nji ýylda ABŞ-da görkezdi.
Orkestr Tahir Ataýewiň sazandalary tomaşaçylary bu taryh bilen tanyşdyrarlar.
Konsert sagat 19:00-da başlanar.
Petekleri satyn almak üçin şu belgiler bilen habarlaşyp bilersiňiz: 55-90-15; (+99362) 532871.