Häzirki wagtda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldip, logistika hyzmatlaryny kämilleşdirmek, elektron söwda meýdançalary we poçta ugratmalaryny eltip bermek boýunça döwrebap çözgütleri ornaşdyrmagy dowam etdirýär.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Türkmenpoçta» dünýäniň iri internet-söwda meýdançalary bolan «Omniva», «Amazon», «eBay», «AliExpress», «Rakuten», «Wildberries», «Adex», «Internet reşeniýa» ýaly platformalardan hem-de internet dükanlaryndan satyn alnan harytlaryň Türkmenistana eltilmegini üpjün edýär.
Şeýle hem «Türkmenpoçta» PAK «TMDrops» logistika gullugy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, raýatlara halkara onlaýn söwda mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga şert döredýär. Bu hyzmat arkaly ulanyjylara ABŞ-da, Italiýada we Gresiýada ýerleşýän şahsy wirtual salgylary almak mümkinçiligi berilýär.
Müşderi hasap açandan soň, internet dükanlarynda sargytlaryny resmileşdirip, berlen daşary ýurt salgysyny we şahsy identifikatory ulanýar. Mundan soň halkara daşamalar we eltip bermek işleri «Türkmenpoçta» tarapyndan amala aşyrylýar, «TMDrops» bolsa sargytlaryň yzarlanmagyny we logistika goldawyny üpjün edýär.
Harytlaryň eltiliş möhleti ABŞ-dan 10–20 gün, Ýewropa ýurtlaryndan bolsa 7–14 gün aralygynda bolýar. Täze hyzmatlar halkara elektron söwda ulgamynyň ösdürilmegine, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we raýatlaryň haryt dolanyşygyndaky mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam berýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.