2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilimi bölüminiň başlygynyň orunbasary Baýram Saryýewiň «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda aýdylýar.

Interwýuda bellenilişi ýaly, hünärmen maksatnamasy boýunça jemi 10 hünär: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (nebitgaz pudagynda), S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; ekologiýa; psihologiýa; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünärleri täze açylýar.

Bakalawr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlygyň ugry: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (bedenterbiýe), Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde emeli aň we ekspert ulgamlary; mehatronika we robot tehnikasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pedagogika bilimi (urdu dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlygyň ugurlaryna ilkinji dalaşgärler okuwa kabul ediler.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda); nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ösümlikleri goramak we biotehnologiýa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlygyň ugurlary açylýar.

«THE ASHGABAT TIMES».