Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçirilýän ýaşlar simfoniki orkestrleriniň 27-nji «Young Euro Classic» halkara festiwalyna üstünlikli gatnaşdy.
31-nji iýuldan 16-njy awgust aralygynda geçirilýän bu abraýly saz forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky ýaş sazandalar 9-njy awgustda meşhur «Konzerthaus Berlin» konsert zalynda özleriniň ussatlykly çykyşlaryny hödürlediler.
Konsertiň maksatnamasyna türkmen kompozitorlyk mekdebiniň düýbüni tutujylary Çary Nurymowyň we Weli Muhadowyň nusgawy eserleri bilen bir hatarda, häzirki zaman daşary ýurtly kompozitorlaryň eserleri hem girizildi. Bu eserleriň käbirleri ilkinji gezek ýerine ýetirildi.
«Ertirki günüň sazandalary — şu günüň sazandalary» diýen çuňňur manyly şygar astynda geçirilýän şu ýylky festiwal dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 14 sany öňdebaryjy ýaşlar döredijilik toparyny bir ýere jemledi.
Dünýä derejesindäki saz platformalarynyň biri bolan «Young Euro Classic» ýaş awtorlary işjeň goldamak bilen, her ýyl iň gowy premýera ýa-da nemes premýerasy üçin ýörite baýragy gowşurýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.