Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guramaçylykly durmuşa geçirilýän maksatnamanyň çäginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetinde emeli aňyň ulanylmagy, metan zyňyndylaryny azaltmak ham-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini integrasiýa etmek boýunça halkara ylmy-barlag tejribeligi geçirilýär.

2026-njy ýylyň 25-nji iýuly – 16-njy awgusty aralygynda dowam edýän bu halkara tejribeligine Türkmenistanyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekili, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we ylmy işgärleri, “Türkmengaz” döwlet konserniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri ýurdumyza wekilçilik edýärler. Saparyň esasy maksady senagat amallarynda we energiýa ulgamlarynda emeli aň (AI) hem-de maşyn okuwy (Machine Learning) ýaly innowasion sanly tehnologiýalary ulanmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini artdyrmak we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek boýunça halkara tejribesini öwrenmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda türkmen wekilleri Klaustal Tehniki uniwersitetinde bolup, nemes professorlary we ylmy işgärleri bilen bilelikde emeli aňyň binýatlyk ýörelgeleri, çykaryşlary we anomaliýalary kesgitlemek, neýron torlary bilen işlemek hem-de emeli aňy senagat önümçiligine ornaşdyrmagyň amaly usullary bilen ýakyndan tanyşýarlar.
Maksatnamanyň öňümizdäki günlerinde türkmen hünärmenleriniň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň ylmy-barlag merkezlerinde skwažinalaryň bitewiligi, çuňňur burawlama işleri hem-de fotoelektrik ulgamlaryny modeller boýunça derňemek ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki ylmy barlaglara gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem maksatnamanyň çäginde kükürtli gaz gaýtadan işleýän senagat zawody hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa esaslanýan gün we ýel elektrik stansiýasy ýaly iri önümçilik desgalaryna amaly saparlar meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara ylmy-barlag tejribeligine gatnaşmagy, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «ýaşyl ykdysadyýeti», ylmy-innowasion sanly tehnologiýalary hem-de alternatiw energetikany ösdürmek barada durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna uly goşant bolar. Bu sapar halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandurmakda we döwrebap ylmy çözgütleri önümçilige ornaşdyrmakda täze sepgitleri açar.
Muhammetnur ATAÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.