2026-njy ýylyň 26-27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň halkara «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşmak maksady bilen Horwatiýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy.
Foruma 30-dan gowrak döwletiň hökümetleriniň we daşary syýasat edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri, halkara guramalarynyň, seljeriş merkezleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň hem-de işewür toparlaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň arhitekturasynyň kemala gelmegi, durnukly ösüş, senagat özgertmeleri, halkara söwda we ulag-logistika hyzmatdaşlygy, energetika howpsuzlygy, sanlylaşdyrma hem-de emeli aň meselelerine bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisler geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa «Köpugurly dünýäde umumy gymmatlyklar: biri-birimizden nämäni öwrenip bileris?» atly plenar mejlisinde çykyş edip, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini, dialogy, özara hormaty we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzyň çemeleşmesini beýan etdi.
Çykyşda Türkmenistanyň oňyn we hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň konstruktiw häsiýetine hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmekde toplan tejribesine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýulmagyna, olaryň içerki işlerine goşulmazlyga, jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine, deňhukukly dialoga we BMG-niň Tertipnamasynyň berk berjaý edilmegine esaslanýan halkara tertibiniň tarapdarydygy nygtaldy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.