2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň Informatika boýunça Milli ylmy-barlag we ösüş institutynyň (ICI Bucharest) baş direktory jenap Adrian-Wiktor Wewera bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda taraplar emeli intellekt, sanlylaşdyrma, ylmy-barlag, akademiki alyş-çalyşlar, ýokary öndürijilikli hasaplaýyş we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ylmy edaralaryň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň degişli ylym-gözleg we bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Duşuşykdan soň, taraplar gatnaşyklary ösdürmäge we özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.