2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Halk Maslahatynyň öňümizdäki nobatdaky mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen "Halkara hukuk ýyly, 2028" Rezolýusiýasynyň ähmiýetine bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä türkmen talyplary we Rumyniýada ýaşaýan türkmen raýatlary gatnaşdylar.


Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew Halk Maslahatynyň öňümizdäki nobatdaky mejlisiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda syýasy, ykdysady, sosial, medeni we ynsanperwer ugurlarda gazanylan üstünlikleri jemlemek, şeýle hem ýurduň içerki we daşary syýasaty üçin täze maksatlary kesgitlemek üçin möhüm platforma boljakdygyny belledi.


Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjynyň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 78 döwletiň biragyzdan goldap kabul edilen degişli Rezolýusiýanyň Türkmenistanyň halkara hukugyny berkitmek we halkara gatnaşyklarynda dialog we ynam medeniýetini ösdürmek boýunça yzygiderli ygrarlylygyny görkezýändigi bellenildi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň nyşanyna - türkmen halkynyň taryhynda, medeniýetinde we ruhy mirasynda aýratyn orun eýeleýän ahal-teke atyna aýratyn üns berildi. Ahal-teke atlarynyň Türkmenistanyň milliliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy we olary ösdürip ýetişdirmek, ideg etmek, tälim bermek we bezemek däpleriniň nesilden-nesle geçirilýändigi bellenildi.


Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen Dünýä atçylyk çempionatynyň we Ahal-Teke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň "Atda wepa-da bar, sapa-da" atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäreler Türkmenistanyň özboluşly atçylyk mirasyny giňden wagyz edýän waka öwrüldi.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasy, taryhy we medeni miras hem-de döwletiň häzirki zaman ösüşi baradaky kitaplarynyň sergisi geçirildi.