TDH-da habar berlişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, magistrleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti — iki okuw ýyly) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti — bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň täjirçilik arbitražy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti — dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gullukçylarynyň hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti — iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti — iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti — bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli) tölegli esasda talyplary kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti — iki aýa çenli) tölegli esasda diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri we talyplary kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».