«Türkmenistan» gazetiniň elektron sahypasynda habar berlişi ýaly, şu gün - 22-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna şu gezekki sapary iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.