Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde çykyş etmek bilen, 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýtdy.
Ýolbaşçylar ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp bilerler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti: «Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar» diýip belledi.
«THE ASHGABAT TIMES».



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.