Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Änew –müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny ýazdy.
Döwlet baştutanymyzyň belläp geçmegine görä, bu kitap Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki döwletleriniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi mynasybetli ýazylypdyr. Bu eseriň, türkmeniň görnükli şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna sowgat boljakdygy bellendi.
Geçen ýylyň dekabrynda Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny hödürledi. Kitapda bagtyýar ýaşlar ýylynyň netijeleri jemlenendir.
Türkmenistanyň öňki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nahar bişirmek we at ösdürip ýetişdirmek ýaly dürli temalarda 60-dan gowrak eseriň awtory hökmünde tanalýar.