Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Abelardo de la Esprielýa Kolumbiýanyň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, 10-njy awgustda bolup geçen 7,4 bally weýrançylykly ýer titremesinden soň, ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Ýer titremesiniň episentri San-Hose-del-Palmar şäherinde ýerleşdi. Ilkinji titremeden soň, ýurt boýunça 100-den gowrak afterşok (gaýtalanýan titremeler) hasaba alyndy, olaryň iň soňkusynyň magnitudasy 3,8-e deň boldy.
Soňky maglumatlara görä, tebigy apat sebäpli jemi 5 000-e golaý öýe zeper ýetdi, onlarça bina doly ýykyldy we ýüzlerçe ýaşaýyş jaýy weýran boldy. Onlarça awtomobil ýoly ulanarsyz ýagdaýa geldi. Häzirki wagtda halas edijiler iri weýrançylyklary arassalamak we adamlary halas etmek üçin kranlardan hem-de ekskawatorlardan peýdalanýarlar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.