Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Habarlar agentligi 4-nji iýulda habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.