2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti jenap Mihaý Daraban bilen duşuşdy. Edaranyň ýolbaşçylarynyň we degişli bölümleriniň wekilleriniň gatnaşmaklary duşuşykda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada düýpli pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň umumy synyny hödürledi, ýurduň durnukly ösüş depginini belledi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda energiýa, logistika, gurluşyk, dokma, oba hojalygy we maýa goýumlar barada maglumatlary berdi.

Şeýle hem, rumyn tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmak, şol sanda bilelikdäki işewür geňeşmelerini döretmek, işewür forumlaryny guramak, wekiliýetleriň saparlaryny guramak we göniwideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary guramak teklip edildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen iki ýurtda söwda öýlerini we wekilhanalaryny açmak mümkinçiligine garalmagy teklip edildi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Mihaý Daraban işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we dürli ugurlarda, esasan hem energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge islegini tassyklady. Rumyniýada geçirilýän sergilere we ýarmarkalara türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagyna gyzyklanma bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, institutsional dialogy pugtalandyrmaga we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gönüden-göni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.