20-nji martda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda ilçi A.Anaýew bilen Rumyniýanyň Medeniýet ministri hanym Raluca Turcan arasynda iş duşuşygy geçirildi, gepleşikde bu ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki tarapyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Rumyniýanyň medeniýet gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna itergi bermek üçin 2025-nji ýylda Türkmenistanda Rumyniýanyň Medeniýet günlerini geçirmegi we türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň büstüniň açylmagyny teklip edildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-rumyn medeni diplomatiýanyň çalt ösýän we aýrylmaz bölegidigini belläp geçdiler.