2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Ilçisi A. Annaýew Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Rumyniýa Parlamentiniň Bilim boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler, Ýewropa işleri, Adam hukuklary, Medeniýet we Milli azlyklar komitetleriniň agzasy professor Kristina Emanuela Daskalu bilen duşuşdy.

Duşuşykda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şeýle hem medeni we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda ikitaraplaýyn saparlary guramak, onlaýn duşuşyklary geçirmek we bilelikdäki çäreleri geçirmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň soňunda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.