23-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Doha şäherinde ýerleşen Katar ösüş gaznasynyň baş direktory Fahad Hamad Al-Sulaiti bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda ilçi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda ýokary derejede guralýan çäreler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem duşuşykda Katar ösüş gaznasy bilen Türkmenistanyň arasynda geljekde dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
«THE ASHGABAT TIMES».



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.